"Türkmen atlary"
döwlet birleşigi

Biz barada

«Türkmen atlary» döwlet birleşigi Türkmenistandaky arassa ganly ahalteke we ýomut tohum atlarynyň köpeldilmegini hem-de tohumçylyk hiliniň gowulandyrylmagyny, şeýle-de önümçiligiň has ýokary netijeliligini gazanmak üçin atçylyk hojalyklarynyň önümçilik-hojalyk işlerini jemleýän döwlet dolandyryş edarasy bolup durýar. .

Birleşigiň garamagynda Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary atçylyk sport toplumlary hem-de athanalary, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy, Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumy, Molekulýar genetika barlaghanasy, Milli atly sport merkezi, Goýumly oýunlar kärhanasy hereket edýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň atçylyk pudagyny ösdürmek, atşynaslarymyzyň we atçylyk pudagynda zähmet çekýän hünärmenleriň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça alyp barýan giň möçberli işleriniň netijesinde Köpetdagyň eteginde, gözel ýerde 114 hojalyga niýetlenen iki gatly ýaşaýyş jaýlaryny, çagalar bagyny, orta mekdebi, dükany, sport we beýleki durmuş maksatly desgalary öz içine alýan ähli amatlyklary bolan Aba Annaýew adyndaky döwrebap obasy gurlup ulanylmaga berildi. Şonuň bilen birlikde, Aşgabat atçylyk sport toplumynyň çäginde atçylyk boýunca Okuw merkezi, ýapyk we açyk görnüşli manežler hem-de Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde Halkara karantin merkezi gurlup ulanylmaga berildi.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy halkara derejesinde giňden bellenilip geçilyär. Bu baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde atly sportuň marafon, konkur bäsleşikleri hem-de ýetginjekleriň we halypa çapyksuwarlaryň arasynda at çapyşyklary, «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşigi, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň mejlisi, halkara sergi-ýarmarkasy hem-de «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly halkara ylmy maslahaty ýokary guramaçylykly geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary döredildi. Bu topar ahalteke bedewlerinde daşary ýurt döwletlerinde geçirilýän halkara derejesindäki bäsleşiklerde, festiwallarda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara eýe bolýar.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019- 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» meýilleşdirilýän döwürde milli Liderimiziň ynsanperwer başlangyçlary bilen ýurdumyzyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ägirt uly maýa goýum taslamasynyň, ýagny welaýatyň dolandyryş merkeziniň gurluşygynyň amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýar. Bu taslamanyň Baş meýilnamasyna laýyklykda şöhratly ahalteke bedewleriniň taryhy watany hasaplanýan Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezinde aýlawy, türgenleşik meýdançalaryny, manežleri we athanalary öz içine alýan Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebiniň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň gurulmagy meýilleşdirilýär. Bu desgalar toplumynyň gurulmagy bilen, olar welaýatyň dolandyryş merkezine golaýda ýerleşen Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy bilen bilelikde tutuş ulgamy emele getirer.