Täzelikler
26.04.2026
Türkmenistanda Türkmen bedewiniň milli baýramy uly ruhubelentlikde bellenilýär
Şu gün Türkmenistanda Türkmen bedewiniň milli baýramy uly ruhubelentlikde bellenilýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurduň ähli welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde baýramçylyk mynasybetli aýdym-sazly dabaralar, sergiler, at çapyşyklary şatlyk-şowhuna beslenip, ýokary ruhubelentlikde geçirilýär. Türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlyklarynyň naýbaşylarynyň biri bolan behişdi bedewleriň şanyna guralan köpöwüşginli baýramçylyk çärelerinde hakyky toý ruhy höküm sürýär. Geçmişde-de ýelden ýyndam bedew atlar halkyň durmuşynda aýratyn orna eýe bolup, türkmen toýlarynyň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrypdyr.
26.04.2026
Rustam Minnihanow: Tatarystany we Türkmenistany bedewe belent sarpa goýmak ýörelgeleri birleşdirýär
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentini tüýs ýürekden gutlady.
26.04.2026
Türkmenistanyň Prezidendi Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ähli watandaşlaryny gutlady
Türkmenistanyň Prezidendi Serdar Berdimuhamedow ähli watandaşlaryny dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşan parasatly pederleriň zehininden kemal tapan, halk seçgisi esasynda döredilen şan-şöhratly bedewleriň şanyna uly dabara bilen döwlet derejesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Bu barada TDH habar berýär.
26.04.2026
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglanyldy
Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Aşgabat atçylyk sport toplumynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Onuň çäklerinde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de döredijilik işgärleriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.