Beıik Galkynyşlara
we täze özgertmelere beslenıän Türkmenistan Döwletimiziň taryhyna
öçmez sahypa bolup ıazylan, ıurdumyzyň XX Halk Maslahatynda
döwletimizde oba hojalyk pudagyny düıpli özgertmek barada möhüm
çözgütler kabul edildi. Türkmen obalaryny galkyndyrmak, olarda
düıpli özgerişleri amala aşyrmak, ekerançylygy, maldarçylygy has-da
ösdürmek, oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny döretmek ugrunda täze
döwür başlandy.
İurdumyzyň oba hojalyk ulgamynyň ähli işgärleri bilen birlikde, «Türkmen
atlary» döwlet birleşiginde atçylyk pudagyny ösdürmek babatynda hem
giň möçberli işler durmuşa geçirilıär. Birleşikde ahalteke tohum
atlarynyň dünıä ıüzündäki şöhratyny öňkiden-de mahabatlandyrmak,
atçylykda seçgi-tohumçylyk işleriniň has-da gowulandyrylmagyny üpjün
etmek, tohum atlaryň baş sanynyň artmagy bilen baglanşyklylykda,
olaryň syn-sypatyny gowulandyrmagyň, bar bolan atlary şejere
ugurlary boıunça köpeltmegiň dürli usullaryny kämilleşdirmek hem-de
ahalteke atlarynyň täze ugurlaryny döretmek boıunça degerli çäreler
işlenilip düzülıär.
«Türkmen atlary» döwlet
birleşiginde ahalteke tohum atlarynyň dünıä ıüzündäki şöhratyny has-da
mahabatlandyrmak maksady bilen türkmen atşynaslary halkara
ıaryşlarynyň birnäçesine gatnaşyp baırakly orunlara mynasyp bolup
geldiler.
2008-nji ıylyň maı aıynyň 17-18-i aralygynda Özbegistan
respublikasynyň Medeniıet we sport işleri baradaky ministrliginiň
hem-de Özbegistan respublikasynyň atçylyk sporty federasiıasynyň
goldawyndaky jogapkärçiligi çäklendirilen “Ahalteke-şer”
jemgyıetiniň çagyrmagy boıunça Daşkent şäherinde “Türkistanyň
ıyldyzy” ady bilen geçirilen açyk çempionata «Türkmen atlary» döwlet
birleşiginiň 14 adamdan ybarat ıygyndy topary we saılanyp alynan 8
baş ahalteke atlary bilen gatnaşdylar.
Bu açyk çempionata gatnaşan
türkmen atşynaslary mümkin bolan ıedi sany baıragyň altysyna mynasyp
bolup ata watana uly ıeňiş bilen gaıdyp geldiler.
«Türkmen
atlary» döwlet birleşiginiň düzümine 7 sany kärhana girıär.
Köpıyllyk seçgi-tohumçylyk meıilnamalaryny taııarlamak birleşigiň
atşynaslarynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durıar.
Atlaryň baş sanyny köpeltmegiň
esasy ösüşi, mal lukmaçylygy çäreleriniň dogry we dürs gurnalmagyny
ıola goımak, şeıle hem keseliň öňüni alyş çärelerini işläp düzmek
bilen ene baıtallary höwür atlara saılap jübütleşdirmek arkaly
olaryň doly derejede ıygylmagyny gazanmak arkaly olardan alynıan
sagdyn ıaş ösdürim taılaryň baş sanyny artdyrmak, şeıle hem atlaryň
idedilişini döwrüň talabyna laıyklykda öňkiden-de gowulandyrmagyň
hasabyna göz öňünde tutulıar.
Mundan hem başga halkara ölçeglerine laıyklykda tohum atlaryň döwlet
tohumçylyk kitabynyň II tomy çapa taııarlanyp neşir ediler, döwlet
tohumçylyk kitabynyň III tomuny çapa taııarlamaklyga girişiler.
Şonuň bilen bir hatarda ıokary we ıörite bilim berıän mekdepleriň
talyplary, okuwçylary üçin atçylyk boıunça okuw kitaplaryny,
gollanmalary taııarlamak işleri hem ünsden düşürilmez.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2007-nji ıylyň sentıabr aıynyň 22-ne
çykaran 9068 belgili Karary esasynda, Türkmenistanyň Merkezi döwlet
aılawynyň durkuny halkara derejesine gabat gelıän nusgada täzelemek,
onuň töwereklerini abadanlaşdyrmak we ony 2008-nji ıylda doly
derejede tabşyrmak maksady bilen düıpli gurluşyk işlerini ıerine
ıetirmeklik üçin Döwlet serişdesiniň hasabyna 22804000 amerikan
dollary meıilleşdirildi. Häzirki wagtda gurluşyk işleri doly
depginlerde dowam etdirilıär, nesip bolsa 2008-nji ıylyň
oktıabr
aıynda Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 17 ıyllyk baıramçylygynyň
dabaralarynyň bellenilıän günlerinde durky täzelenen ajaıyp döwlet
aılawynyň doly derejede işläp başlamagyna garaşylıar.
Hormatly Prezidentimiziň çuň manyly pähim-paıhasa ıugrulan,
öňdengörüjilikli syıasatlaryndan ugur alyp täze galkynyşa
beslenıän ata Watanymyzda kalby joşgunly türkmen atşynaslaryny
buısandyran 2008-nji ıylyň ıanwar aıynyň 31-ine kabul eden 9438
belgili taryhy Karary esasynda «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň
merkezi edarasynyň döwrebap iş şertlerini döretmek maksady bilen
ajaıyp binany sowgat bermegi türkmen atşynaslarynyň kalbyny joşa
getirdi, ata-babalarymyzyň ençeme asyrlaryň dowamynda sünnäläp
döreden nurana bedewlerine mundan beıläk-de yhlas etmek, olary
saklamak we nesil ugurlary boıunça köpeltmek, baş sanyny artdyrmak
ugrunda gije-gündiz gaıratly zähmet çekmäge bize uly ruhubelentlik
we egsilmez güıç-kuwwat berdi.
Bu ajaıyp binanyň içki durkyny döwrebap abatlaşdyrmak, türkmen
atşynaslygynyň milli muzeıini döretmek işleri birleşigiň öz
serişdeleriniň hasabyna ıerine ıetirmek bilen 2008-nji ıylyň
oktıabr aıynda işe girizmeklik göz öňünde tutulıar.
Döwletimiziň paıtagty gözel Aşgabadymyzda halkara ülňülerine laıyk
gelıän döwlet aılawynyň bolmagy türkmen atşynaslygynyň
ösüp-örňemeginde, halkara derejeli atly sport ıaryşlaryny, at
çapyşyklaryny gurnamakda, ıurdumyzda bellenip geçirilıän ähli milli
baıramlarymyzyň has-da dabaralanmagynda bahasyna ıetip bolmajak
ähmiıete eıe bolar. İurdumyzyň ilaty we diıarymyza dünıäniň dürli
döwletlerinden gelıän myhmanlar bu ıerde behişdi türkmen
bedewlerimiziň gözelligini ıakyndan synlap, egsilmez ruhy lezzet
alarlar.
Hormatly Prezidentimiziň taısyz
tagallasy, atalyk aladalary we gönümel tabşyryklary esasynda eziz
diıarymyzyň ähli welaıatlarynda halkara ülňilerine gabat gelıän
döwrebap aılawlary gurmak barada halkara bäsleşigini yglan etdi.
Häzirki wagtda bu bäsleşige gatnaşmak maksady bilen ady belli
gurluşyk kompaniıalarynyň we firmalarynyň otuzdan-da gowragy isleg
bildirdiler. Munuň özi bolsa welaıatlarda bina boljak bu ajaıyp
desgalaryň aňry başy derejede guruljakdygynyň aıdyň kepili bolup
hyzmat edıär.
Geljekki ıakyn ıyllarda beıleki welaıatlarymyzda hem
döwrebap täze aılawlaryň gurulmagy behişdi bedewlerimiziň
ösüp-örňemeginde, olaryň has-da kämilleşdirilmeginde bahasyna ıetip
bolmajak ähmiıete eıe bolar.
"Türkmen atlary" döwlet
birleşiginiň baş binasy
