"Türkmen atlary"
döwlet birleşigi

Täzelikler

Ähli täzelikler

Dünýä medeniýetiniň gymmatlygy

Serdar Berdimuhamedow demir ýol işgärleriniň Türkmenistanda geçirilýän halkara çäresine gatnaşyjylary gutlady
Demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahaty öz işine başlady
Dünýä medeniýetiniň gymmatlygy
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti “C5+1” köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň birinji duşuşygyna gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda çykyş etdi
Ýurdumyzda güýzki at çapyşyk möwsümi başlandy
Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşigi.
Daşoguz atçylyk sport toplumy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly ady dakmak hakynda
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIII mejlisi.
Uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi.
«Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň 2-nji tapgyry.
«Türkmen atlary» at çapmak boýunça okuwlara çagyrýar
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndaky dabaralara gatnaşdy
Halkyň ruhubelentligi hem-de döredijilik ylhamy — Watanymyzyň Rowaçlygy
2022-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Aşgabat atçylyk sport toplumynda Güýzki at çapyşyk möwsümine badalga berildi.
Ahal welaýatynda meşhur Akhan bedewiniň heýkeli ýerleşdirilen monumenti gurlar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we mähriban halkyna
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyndaky dabaralara gatnaşdy
Balkan atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk at çapyşyklary
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisindäki Çykyşy
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti Ahal welaýatynyň edara ediş merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy
Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary başlandy
Behişdi bedewleriň watany Türkmenistanyň atçylyk düzümi ösdürilýär
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň eteginde guruljak athananyň taslamasy bilen tanyşdy
Hormatly Prezidentimiz Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip
atlandyrylan 2024-nji ýylyň 20-nji ýanwarynyň ir säherinde
atçylyk pudagynda zähmet çekýän ildeşlerimiziň göwün guşuny
ganatlandyran waka boldy. Şol gün türkmen halkynyň Milli
Lideri Gahryman Arkadagymyz Köpetdagyň etegindäki gözel
künjekleriň birinde ýerleşýän Arkadag şäheriniň täze athana
toplumyna baryp, behişdi bedewleri bilen didarlaşdy we
nobatdaky gezek atlara ideg etmegiň hem-de seýislemegiň
nusgalyk mekdebini görkezdi. Ýörän ýoly ýörelge, eden işi
görelde bolýan Milli Liderimiziň bu gezekki iş sapary pähimdar
halkymyzyň “Irden tur-da, ataňy gör, ataň dan soň — atyňy”
diýen paýhasly nakylyny hakydalarda janlandyrdy. Gahryman
Arkadagymyz iş saparyny täze athana toplumynda idedilýän
bedewleriň ýagdaýlary bilen tanyşlykdan başlady. Behişdi
ahalteke bedewlerine we ömrüni bu ajaýyp atlary ideg etmäge
bagyşlan atşynaslarymyza aýratyn hormat, sarpa goýýan
Gahryman Arkadagymyz bu ýerde täze şäheriň athana
toplumynyň binalary, olaryň ýerleşdiriliş aýratynlyklary we
toplumyň iş otaglarynda döredilen şertler bilen tanyşdy.
Milli Liderimiziň bu ýerde milli atşynaslyk däplerini
döwrüň ruhuna laýyk ösdürmek we tutuş dünýäde wagyz etmek
ugrunda ähli zerur şertleriň döredilendigini aýratyn bellemegi,

Döwrüň şanly wakalary

6
atşynaslygyň milli ýörelgeleriniň häzirki zamanyň ösen tejribesi
bilen utgaşdyrylmagy babatda beren maslahatlary we öwüt-
ündewleri ähli atşynaslarymyz bilen birlikde, Aba Annaýew
adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň professor-
mugallymlarydyr bagtyýar talyplary üçin görelde mekdebi
boldy.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri 2017-nji ýylda doglan
mele reňkli Hanbeg atly behişdi bedewiniň ýanyna bardy.
Hanbeg Toýçy hem Göwherli diýen naýbaşy ahalteke atlarynyň
neslinden bolup, ol şöhratly Meleguşyň ugruna degişlidir.
Hanbegiň ata hem ene tarapy öz döwründe ýyndamlykda
owadanlykda şöhrat gazanan Tyllanur – Aýlar, Goar – 17 hem
Ganatly diýen atlardyr.
Gahryman Arkadagymyzyň Hanbeg diýen bedewiniň
jylawyndan tutup, birsellem gezim etmegi, alym-atşynas
Arkadagymyzyň bedewleriň säher çagynda gezdirilmeginiň
olaryň beden gurluşynda, sagdynlygynda bolşy ýaly,
ýyndamlygyna-da oňyn täsiriniň bardygy barada aýdan paýhasly
öwütleri, atçylyk hünärine ykbalyny baglan ähli atşynaslara
nusgalyk sapak boldy. Arassa hem sergin howasy bilen şähdiňi
açýan gyş paslynyň ir säherinde dag eteklerinde gezim etmek,
hem ynsanyň, hem bedewleriň jan saglygyna, we işjeňligine
aýratyn oňaýly täsirini býetirýär. Gahryman Arkadagymyz

Döwrüň şanly wakalary

6
aýagy ýazylyp, toýnagy gyzan bedewe atlanyp, nobatdaky
gezek ata erk etmegiň nusgalyk mekdebini görkezdi.
Atyny myradyna, döwletine, uçar ganatyna, gardaşyna,
syrdaşyna, atlazdyr zerbapdan jul eýläp, kemsiz bezelen
bedewiniň üstüni Süleýman pygamberiň uçup ýören jadyly
tagtyna deňän halkymyz iň asylly arzuwlaryny, göwnünde
beslän belent maksatlaryny bedewleri bilen baglanyşdyrypdyr.
Bedewlere bagyşlanan bu çeper waspnamalar türkmen halkynyň
ahalteke bedewlerine taryhyň bütin dowamynda aýratyn hormat
bilen garandygyny alamatlandyrýar.
Merdana pederlerimiziň bedewler bilen baglanyşykly
döreden dünýä nusgalyk milli ýörelgeleri häzirki döwrüň ruhuna
laýyklykda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly
Gahryman Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen has-da
ösdürilýär. Milli Liderimiz atly gezelenjiň dowamynda bedewi
gorgunyna goýberdi. Ussat seýisleriň elinden çykan we ähli
babatda idegi ýetirilen bedew buýsançly başyny belent tutup,
gorgunlady.
Ýeri gelende, Arkadag şäherinde gurlan täze athana
toplumynyň bu ýerde öňden bar bolan dünýä derejesinde bina
edilen Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň, Aba
Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Atçylyk
ylmy-önümçilik merkeziniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk

Döwrüň şanly wakalary

6
sirkiniň üstüni ýetirendigini bellemek gerek. Aýdylanlar, milli
atşynaslyk ýörelgeleriniň hemmetaraplaýyn ylmy esasda
ösdürilýändigini görkezýän subutnamalardyr.
Umuman, şol ajaýayp günüň säherinde şaýat bolan
görnüşlerimiz ynsan bilen bedewiň arasyndaky ysnyşykly
dostlukdan nyşan bolup, ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew
bady bilen ynamly gadam urýan ýurdumyzda “Pähim-paýhas
ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hem uly rowaçlyklara
ýetilip, öňde goýlan il-ýurt bähbitli belent maksatlaryň hasyl
boljakdygyna bolan ynamy berkitdi.
Şol taryhyň günüň ajaýyp wakalarynyň hatarynda
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň
Diwanynyň iş dolandyryjysynyň we Halkara “Türkmen alabaý
itleri” assosiasiýasynyň hem-de Halkara ahal teke atçylyk
assosiasiýasynyň wise-prezidentiniň gatnaşmagynda geçiren iş
maslahatyny hem buýsanç bilen ýatlamak gerek. Iş
maslahatynyň barşynda, Gahryman Arkadagymyza
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň
durkuny täzelemek boýunça meýilleşdirilen işler bilen bagly
taslamalar görkezildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri görkezilen taslamalar bilen
tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we düzedişleri girizdi.

Döwrüň şanly wakalary

6

Iş maslahatynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň
2024-nji ýylyň 15 — 17-nji ýanwarynda Kazan şäherinde
«Merkezi Aziýa owçarkasy» derejesi boýunça Russiýanyň
Kinologiýa Federasiýasynyň “Merkezi Aziýa owçarkasy” ady
bilen geçiren Çempionatynda 2021-nji ýylda Halkara “Türkmen
alabaý itleri” assosiasiýasynyň hem-de Halkara ahalteke atçylyk
assosiasiýasynyň Prezidenti tarapyndan Tatarystan
Respublikasynyň Baştutanyna sowgat berlen Akdost (Akdus)
atly türkmen alabaýynyň iki ugurdan – ýagny, arassa ganlylyk,
owadanlyk hem buýrugy berjaý etmek ukyby boýunça degişli
ugur boýunça ýaryşa gatnaşan 200-den gowrak bäsdeşlerinden
saýlanyp, Russiýanyň çempiony bolandygy barada Russiýanyň
Kinologiýa Federasiýasyndan gelip gowşan hoş habary
aýtmagy, tutuş halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy.
Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň we
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti 600
baş ahalteke atyny saklamaga niýetlenen döwrebap athana
toplumynda atşynaslaryň öndürijilikli işlemekleri, bu ýerde
atçylyga degişli ylmy işleri alyp barmak ugrunda döwlet
tarapyndan zerur tagallalaryň edilýändigi üçin hormatly
Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi
we bolup geçen şatlyklykly wakalaryň şanyna Şatlyk atly alabaý

Döwrüň şanly wakalary

6
güjüjegini hormatly Prezidentimize gowşuryp bermegi
Gahryman Arkadagymyzdan haýyş etdi.
Milli Liderimiz Şatlyk atly alabaý güjügi bilen bilelikde
athana toplumynyň gezim meýdançasyna baryp, ir säher bilen
gezelenç eden Hanbeg atly atyna atlandy we manežiň ugry
boýunça gezime başlady. Şu pursatda dogumly Şatlyk hem at
üstünde öwrüm edýän Gahryman Arkadagymyzyň yzyndan
galmady. Bu buýsançly görnüşler bir tarapdan ynsan bilen
eýesine wepaly, üşükli hem eserdeň ahalteke bedewiniň, ikinji
tarapdan gaýratly hem edermen alabaýyň özara gatnaşygynda
aýratyn hoşniýetliligiň bardygyny, taryhy müňýyllyklara uzap
gidýän ahalteke bedewleriniň we alabaýlaryň türkmen halkynyň
durmuşy bilen berk ysnyşandygyny aýdyň görkezen subutnama
boldy.
Gahryman Arkadagymyz atly gezelençden soň, nurana
bedewi bilen hoşlaşyp, Şatlyk atly alabaý bilen ulagyna
münende, akylyňy haýrana goýýan täsin waka boldy. Ir säherde
Gahryman Arkadagymyzy guwanç bilen garşylan Hanbeg atly
bedew Gahryman Arkadagymyzyň ulagynyň ýanyna geldi.
Ynsan kibi düşbi bedew aýaklary bilen ýer peşäp, mähriban
Ynsana, Milli Liderimize Ak ýol arzuw edýän mysaly buýsançly
başyny silkeledi. Türkmenistanyň ussat halypa seýisi, Alym
Arkadagymyz bedewiň mähribanlygyna jogap hökmünde

Döwrüň şanly wakalary

6
guwanç bilen Hanbegiň başyny sypalap, oňa öz hoşallygyny
bildirdi.
Hakydalarda hemişelik galjak bu buýsançly görnüşler
türkmen halkynyň milli seýisçilik sungatynyň önümi bolan
behişdi bedewlerimiziň hem, halkymyzyň döreden edermen,
gaýduwsyz, wepaly alabaýlaryň hem umumadamzat
medeniýetiniň gymmatlygydygyny aýdyň görkezdi.

Narly NURYÝEW,
žurnalist.