"Türkmen atlary"
döwlet birleşigi

Täzelikler

01.02.2025

Türkmenistanyň Prezidenti «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyny 3 million manat pul baýragy bilen sylaglady

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary 3 million manat möçberinde pul baýragy bilen sylaglanyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

01.02.2025

Serdar Pygyýewe «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly at dakyldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň seýsi – topar ýolbaşçysy Serdar Pygyýewiç Pygyýewe «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakyldy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün degişli Permana gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

01.02.2025

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň şanyna Arkadag şäherinde dabara geçirildi

Şu gün Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda halkara baýraklara, hususan-da, Altyn

22.01.2025

Gurbanguly Berdimuhamedow «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryny gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monako saparyny tamamlap, Nissa şäheriniň Halkara howa menzilinde Monte-Karlodaky halkara sirk sungaty festiwalynda çykyş eden «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşdy. TDH-niň habar berşi ýaly, hormatly Arkadagyň Monakoda saparda bolýan günlerinde at üstündäki oýunlar topary halkara sirk festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp boldy.