"Türkmen atlary"
döwlet birleşigi

Täzelikler

28.04.2025

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli at çapyşyklarynyň 7-si geçirildi

Ozal habar berşimiz ýaly, 27-nji aprelde Arkadag şäherinde, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde dürli aralyklara at çapyşyklarynyň jemi 7-si geçirildi hem-de olara bedewleriň onlarçasy gatnaşdyrylyp, iň gowy netijeleri görkezdiler.

28.04.2025

Ar­ka­dag şä­he­ri­nde Ahal­te­ke at­la­ry şa­ýo­lu­nyň we «Taý­ça­nak» bi­nasy­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy

Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my my­na­sy­bet­li, Ar­ka­dag şä­he­ri­nde gu­ral­an baý­ram­çy­ly­gyň çäk­le­rin­de şä­he­riň «Ak­han» bi­na­syn­dan «Taý­ça­nak» bi­na­sy­na çen­li ara­lyk­da dur­ky tä­ze­le­nen Ahal­te­ke at­la­ry şa­ýo­lu­nyň hem-de tä­ze gur­lan «Taý­ça­nak» at­ly bi­na­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy.

26.04.2025

Türkmenistanyň Prezidentine ahalteke bedewleri sowgat berildi

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäherinde, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşdy.

26.04.2025

Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi kesgitlenildi

Şu gün Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilen baýramçylyk çäreleriniň barşynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy we onuň ýeňijisi yglan edildi.