Täzelikler
29.09.2026
Hytaýly atşynas Liu Şutsine Dosthan atly ahalteke bedewi gowşuryldy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Karary esasynda ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmekde, olaryň sanyny artdyrmakda we türkmeniň atşynaslyk sungatyny dünýä ýaýmakda alyp barýan işlerini göz öňünde tutup, Assosiasiýanyň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň «Daqing Huiyou Breeding Co., Ltd.» atçylyk kompaniýasynyň başlygy Liu Şutsine 2023-nji ýylda doglan mele reňkli Dosthan atly ahalteke bedewini we bedewe degişli güwänamany gowşurdy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, hytaýly myhman ahalteke bedewleriniň asyl mekanynda bolup, Gahryman Arkadag bilen didarlaşmagyň we dünýä atşynaslarynyň baş arzuwyna öwrülen dünýä atşynaslarynyň ahalteke bedewleriniň sowgat berilmeginiň özi üçin belent mertebedigini aýtdy hem-de özüniň kompaniýasynda 1200 baş atyň bardygyny, onuň 600 ýüzden gowragynyň ahalteke bedewleridigini aýratyn buýsanç bilen habar berdi.
29.09.2026
Gurbanguly Berdimuhamedow «Bedew» gepleşiginiň ilkinji sanynyň hormatly myhmany boldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň 1200 orunlyk Ahalteke atçylyk toplumynyň ulanylmaga berilmegi mynasybetli baýramçylyk dabaralarynyň geçýän ýerinde Hormatly il ýaşulysy A.Paýaýew ýurduň sport teleýaýlymynda täze döredilen «Bedew» gepleşiginiň ilkinji sanynyň hormatly myhmany hökmünde türkmen halkynyň Milli Lideri bilen söhbetdeş boldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, alypbaryjy, ilki bilen, Gahryman Arkadagy gazanan ýeňşi bilen gutlady.
29.09.2026
Türkmen halkynyň Milli Lideri ussat çapyksuwarlarynyň arasynda geçirilen toý çapuwynda ýeňiji boldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň 1200 orunlyk Ahalteke atçylyk toplumynyň ulanylmaga berilmegi mynasybetli ýurduň ussat çapyksuwarlarynyň arasynda gadymdan gelýän milli däp-dessurlara eýerilip, toý çapuwy geçirildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, toý çapuwyna ýurduň welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden halypa çapyksuwarlaryň jemi 7-si gatnaşdy. Arkadag şäherinden ýaryşa goşulan bedewiň 7-lik belgide Daghan diýen bedew bolup, oňa türkmen halkynyň Milli Lideriniň çapyksuwarlyk etmegi buýsandyryjy wakalaryň birine öwrüldi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň atçylyk toparynda gulluk borjuny ýerine ýetirýän Kerimguly Berdimuhamedow Daghan atly ajaýyp ahalteke bedewini ussatlyk bilen seýisläp, toý çapuwyna taýýarlap gelipdir.
29.09.2026
Türkmenistanyň Prezidenti Ahalteke atçylyk toplumynda ýaýbaňlandyrylan dabaralara gatnaşdy
Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Köpetdagyň eteginiň gözel künjegindäki Türkmenistanyň Prezidentiniň 1200 orunlyk Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany dabaranyň geçirilýän ýerine Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti şatlyk-şowhun bilen Ahalteke atçylyk toplumynyň baş girelgesiniň toý bagyny kesdi. Dabara gatnaşýanlaryň şatlyklary we ahalteke bedewlerine bolan buýsanjy bu ýerde emele gelen şanly wakalar bilen utgaşyp, türkmen ilinde gazanylýan ösüşleri taryhy ähmiýeti bolan pursatlary äleme äşgär etdi. Döwlet Baştutany onuň baş bezegine öwrülen «Atly ýigit» heýkelini synlady. Toplumyň bu çäginiň gözelligi, onuň abadanlaşdyrylyş aýratynlygy, milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesinden binýat bolan görnüşleri özünde jemleýär. Soňra Türkmenistanyň Prezidenti atçylyk toplumynyň çäginde ýerleşýän ýapyk maneže baryp, ol ýerde atly sport we konkur boýunça türgenleriň, açyk manežde bolsa «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezme çykyşlaryna tomaşa etdi, şeýle hem toplumyň çäginde bar bolan athanalar, olarda atlary saklamak üçin niýetlenilen ýokary derejeli mümkinçilikleri synlady.