Täzelikler
01.02.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentine Gutlag iberdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Gutlag hatyny iberip, onda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda Altyn baýraga, şeýle-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdi. TDH-niň resmi saýtynda ýerleşdirilen bu gutlag hatynda, hususan-da, şeýle diýilýär:
01.02.2025
«Galkynyş» toparynyň agzalarynyň hersine müň ýewrodan baýrak gowşurmaga ygtyýar berildi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagyň çözgüdi bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, ýokary derejeli baýraklara mynasyp bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryna 1000 ýewrodan jemi 17 000 ýewro pul baýragyny gowşurmaga ygtyýar berildi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
01.02.2025
Türkmenistanyň Prezidenti «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyny 3 million manat pul baýragy bilen sylaglady
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary 3 million manat möçberinde pul baýragy bilen sylaglanyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
01.02.2025
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň şanyna Arkadag şäherinde dabara geçirildi
Şu gün Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda halkara baýraklara, hususan-da, Altyn