Täzelikler
22.04.2026
Uzak aralyga atly ýöriş geçirildi
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi geçirildi. Oňa 6 — 11 ýaş aralygyndaky çydamly atlaryň 15-si we olaryň ezber çapyksuwarlary gatnaşdylar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Bäsleşige ir bilen Aşgabat — Mary awtoýolunyň 24-nji kilometrliginden badalga berildi. Oňa gatnaşyjylaryň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna, Milli atly sport merkezine, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna we hususy atşynaslara degişli atlar bar. 60 kilometrlik menziliň başlangyjynda bedewler weterinar barlagyndan geçirilip, olaryň uzak aralyga ýaryşa gatnaşyp bilijilik ukybyna baha berildi.
22.02.2026
Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-na saparynyň dowamynda «La Victoria» atçylyk toplumyna baryp gördi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran saparynyň çäklerinde ýurduň iň iri atçylyk merkezleriniň biri hasaplanýan «La Victoria» atçylyk toplumynda boldy. Ol ýerde atçylyk we atly sport ulgamynda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada TDH habar berýär.
21.02.2026
Arkadag şäheriniň atçylyk sirki ýekşenbe günki çykyşlaryna çagyrýar
Arkadag şäherindäki Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki şäheriň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny her hepdäniň ýekşenbe günleri geçirilýän şowhunly çykyşlaryna çagyrýar. Ussat artistler, tansçylar, eldekileşdirilen haýwanlar, şadyýan masgarabazlar hem-de «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýaş zehinleri tutuş maşgalany begendirmek üçin özleriniň ajaýyp sahna çykyşlaryny sowgat ederler.
14.02.2026
Türkmenistanda atçylyk we atly sport çärelerini geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen l«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilen 2026-njy ýylda atçylyk we atly sport çärelerini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Bu barada TDH habar berdi.