"Türkmen atlary"
döwlet birleşigi

Täzelikler

Ähli täzelikler

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentini türkmen halkynyň adyndan Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli gutlady

Türkmenistanyň Prezidendi Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ähli watandaşlaryny gutlady
Türkmenistanda Türkmen bedewiniň milli baýramy uly ruhubelentlikde bellenilýär
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentini türkmen halkynyň adyndan Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli gutlady
Türkmenistanyň Prezidentine ajaýyp bedewler sowgat berildi
Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-na saparynyň dowamynda «La Victoria» atçylyk toplumyna baryp gördi
Arkadag şäheriniň atçylyk sirki ýekşenbe günki çykyşlaryna çagyrýar
Türkmenistanda atçylyk we atly sport çärelerini geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi
GDA-da atçylyk baradaky «Ganatly bedew: güýç we nepislik» atly döwletara tele-filmler bäsleşigi yglan edildi
2026-njy ýyl: «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edildi
TÜRKMEN ALABAÝYNYŇ BAÝRAMYNYŇ JEMLEÝJI GÜNI
Türkmenistanyň Prezidenti baýramçylyk at çapyşyklaryna tomaşa etdi
Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat atçylyk sport toplumynyň döwrebaplaşdyrylyşy bilen tanyşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow Ilham Aliýewe bedew, Şawkat Mirziýoýewe arwana düýe sowgat etdi
Aşgabatda Hytaýyň farfor önümleriniň we atşynaslyga degişli gymmatlyklarynyň sergisi açyldy
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýarlar
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Stambulda geçirilýän 7-nji etnosport festiwalynda çykyş edýär
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli at çapyşyklarynyň 7-si geçirildi
Ar­ka­dag şä­he­ri­nde Ahal­te­ke at­la­ry şa­ýo­lu­nyň we «Taý­ça­nak» bi­nasy­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy
Ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşiginde ýeňiji bolan atyň eýesine «Toýota Camry V6» kysymly ýeňil awtoulag berildi
Türkmenistanyň Prezidentine ahalteke bedewleri sowgat berildi
Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi kesgitlenildi
Aşgabatda Türkmen bedewiniň milli baýramyna taýýarlyk görülýär
Halypa çapyksuwarlaryň at çapyşygynyň ýeňijisine “Toyota Fortuner” kysymly awtoulag sowgat berildi
Gurbanguly Berdimuhamedowa milli gyrgyz ak öýi we bedew sowgat berildi
«Gal­ky­nyş» mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­lar to­pa­ry­ Mary welayatynda çykyş etdi
Türkmenabat şäherinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary görkezilýär
«Galkynyş» toparynyň agzalaryna Awazadaky «Daýanç» sagaldyş merkezine 10 günlük ýollanma berildi
Türkmenistanyň Prezidenti «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyny 3 million manat pul baýragy bilen sylaglady
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň şanyna Arkadag şäherinde dabara geçirildi
Serdar Pygyýewe «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly at dakyldy
«Galkynyş» toparynyň agzalarynyň hersine müň ýewrodan baýrak gowşurmaga ygtyýar berildi
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentine Gutlag iberdi
Gurbanguly Berdimuhamedow «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryny gutlady
«Galkynyş» topary Monte-Karlo halkara sirk festiwalynda altyn baýraga mynasyp boldy
Türkmenistanyň "Galkynyş" milli at üstündäki oýunlar topary Monte-Karloda çykyş etdi
Türkmenistanda 2024-nji ýylyň türkmen edermen alabaýy saýlandy
Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň IV mejlisi geçirildi
“Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri” ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnama
Türkmenistanyň Prezidenti baýramçylyk at çapyşyklaryna tomaşa etdi
Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde atçylyga höwes bildirýän çagalar bilen duşuşdy
Aşgabatda konkur boýunça milli ýaryş geçirildi
Türkmenistanda bedewleriň uzak aralyga marafony geçirildi
Serdar Berdimuhamedow demir ýol işgärleriniň Türkmenistanda geçirilýän halkara çäresine gatnaşyjylary gutlady
Demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahaty öz işine başlady
Dünýä medeniýetiniň gymmatlygy
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti “C5+1” köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň birinji duşuşygyna gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda çykyş etdi
Ýurdumyzda güýzki at çapyşyk möwsümi başlandy
Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşigi.
Daşoguz atçylyk sport toplumy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly ady dakmak hakynda
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIII mejlisi.
Uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi.
«Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň 2-nji tapgyry.
«Türkmen atlary» at çapmak boýunça okuwlara çagyrýar
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndaky dabaralara gatnaşdy
Halkyň ruhubelentligi hem-de döredijilik ylhamy — Watanymyzyň Rowaçlygy
2022-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Aşgabat atçylyk sport toplumynda Güýzki at çapyşyk möwsümine badalga berildi.
Ahal welaýatynda meşhur Akhan bedewiniň heýkeli ýerleşdirilen monumenti gurlar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we mähriban halkyna
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyndaky dabaralara gatnaşdy
Balkan atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk at çapyşyklary
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisindäki Çykyşy
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti Ahal welaýatynyň edara ediş merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy
Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary başlandy
Behişdi bedewleriň watany Türkmenistanyň atçylyk düzümi ösdürilýär
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň eteginde guruljak athananyň taslamasy bilen tanyşdy
Hormatly Prezidentimiz Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy merdana ata-babalaryň jöwher zehininden kemal tapyp, halk seçgisi esasynda ýetişdirilýän şöhratly bedewleriň şanyna döwlet derejesinde uly dabara bilen bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlady. Bu barada TDH habar berýär. Gutlag hatynda: «Hormatly Prezidentimiz! Siziň baştutanlygyňyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli uly dabara bilen geçirilýän ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşigi, «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly ХVIII halkara ylmy maslahat, at çapyşyklary, atçylyk sporty bilen baglanyşykly ýaryşlar, şol sanda uzak aralyga atly ýörişler atşynaslyk däpleriniň ösdürilmegini höweslendirmek bilen, baý milli medeni mirasyň aýrylmaz bölegi hökmünde ahalteke bedewlerimize dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekýär. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynda geçirilen 47-nji Monte-Karlo halkara sirk sungaty festiwalynda altyn baýraga hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagy halkymyzyň bedew atlarymyza bolan buýsanjyny goşalandyrdy. Siziň taýsyz tagallalaryňyz bilen bu gün milli buýsanjymyz bolan behişdi bedewlerimiziň at-abraýy dünýä dolýar. Ahalteke bedewleri ähli döwürlerde-de milli gymmatlygymyz, türkmen ojaklarynyň ýaraşygy, tutumly toýlaryň bezegi bolup geldi. Ýyndamlygy, owadanlygy, wepadarlygy bilen tapawutlanýan bedewlerimiz halkymyzyň uçar ganatyna, bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlygyna öwrüldi. Ýelden ýüwrük gamyşgulak bedewlerimiziň şan-şöhratynyň has-da dabaralanýan ýylynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna Monte-Karloda geçirilen halkara sirk festiwalynda sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin halkara şahadatnamalarynyň gowşurylmagy, gözel Diýarymyzyň Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlaryndaky «Türkmeniň ak öýi» binalarynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlarynyň üstünlikli guralmagy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ajaýyp şygary bilen özboluşly sazlaşygy emele getirip, onuň mazmunyny has-da baýlaşdyrýar. Belent mertebeli Prezidentimiz! Ýurdumyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň mejlisleri yzygiderli geçirilýär. Siziň tagallalaryňyz netijesinde daşary ýurtlarda arassa ganly ahalteke bedewlerini saklaýan atşynaslaryň uly toparyna Türkmenistana gelip, ýurdumyzda bedewleriň şanyna tutulýan tutumly toýuň gözli şaýady bolmaga mümkinçilik döredilmegi bütin dünýäde ahalteke atlaryna gyzyklanmany has-da artdyrýar. Siziň baştutanlygyňyzda täze taryhy döwürde eziz Diýarymyzyň hem-de daşary ýurtly atşynaslaryň ahalteke bedewlerini ýetişdirmek boýunça amala aşyrýan asylly işlerine mynasyp baha berilýär. Olara «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy», «Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary», «Türkmenistanyň halk atşynasy», «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly atlar dakylýar. Sarpasy belent Prezidentimiz! Siziň baştutanlygyňyzda Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň döredilmegi, «Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO klubunyň açylmagy, ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň türkmen sungatynyň naýbaşy görnüşleriniň biri hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi milli we dünýä medeniýetiniň gudraty hasaplanýan türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny has-da dabaralandyrdy. Hormatly Prezidentimiz! Sizi berkarar Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýunyň uludan toýlanylýan ýylynda bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tagallalaryňyz mundan beýläk hem rowaç bolsun! Siziň parasatly baştutanlygyňyzda bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň şan-şöhraty dowamat-dowam bolsun!» diýlip bellenilýär.