Täzelikler
30.07.2026
Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda geçiriljek halkara çäreleriň guramaçylygy boýunça gepleşikler geçirilýär
Şu günler Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyna laýyklykda, guramaçylyk döwlet toparynyň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew guramaçylyk döwlet toparynyň agzalary bilen bilelikde halkara çärelerine ýokary derejede taýýarlyk görmek maksady bilen Nedirlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde iş saparynda bolýar.
29.07.2026
Türkmen halkynyň Milli Lideri «Galkynyş» toparynyň oglan-gyzlary bilen duşuşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň oglan-gyzlary bilen duşuşyp, olaryň türgenleşikleri, okuwlary we durmuşy bilen içgin gyzyklandy. Şeýle hem Gahryman Arkadag toparyň agzalarynyň öňde boljak halkara ýaryşlarynda şowly çykyş etmeklerine ak pata berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
26.04.2026
Rustam Minnihanow: Tatarystany we Türkmenistany bedewe belent sarpa goýmak ýörelgeleri birleşdirýär
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentini tüýs ýürekden gutlady.
26.04.2026
Türkmenistanyň Prezidendi Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ähli watandaşlaryny gutlady
Türkmenistanyň Prezidendi Serdar Berdimuhamedow ähli watandaşlaryny dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşan parasatly pederleriň zehininden kemal tapan, halk seçgisi esasynda döredilen şan-şöhratly bedewleriň şanyna uly dabara bilen döwlet derejesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Bu barada TDH habar berýär.