"Türkmen atlary"
döwlet birleşigi

Täzelikler

28.09.2026

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyna agzalar kabul edildi

Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň raýatlary Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalygyna kabul edildi. TDH-de habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli resminama Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek, behişdi ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak we atşynaslyk sungatyny ösdürmek hem-de assosiasiýanyň agzalarynyň sanyny artdyrmak maksady bilen gol çekdi

27.09.2026

Türkmen we daşary ýurt raýatlaryna atçylyk pudagyna goşan goşantlary üçin hormatly atlar dakyldy

Ozal habar berşimiz ýaly, düýn Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda atçylygy ösdürmäge goşan saldamly goşantlaryny, türkmeniň milli baýlygy we guwanjy bolan ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamakda hem-de şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda bitiren hyzmatlaryny we gazanan ýokary netijelerini, şeýle hem hünär ussatlyklaryny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Prezidenti resminama gol çekdi.

27.09.2026

Türkmenistanyň Prezidentiniň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisindäki çykyşy

Ozal habar berşimiz ýaly, düýn Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisi geçirildi. Onda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çykyşy uly gyzyklanma bilen diňlenildi. Döwlet Baştutanynyň çykyşy «Türkmenistan» gazetinde çap edildi. «Hormatly Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary!

27.09.2026

Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVII mejlisi 2027-nji ýylda Aşgabatda geçiriler

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň nobatdaky XVII mejlisi 2027-nji ýylyň aprel aýynda Aşgabat şäherinde geçiriler. TDH-de habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli resminama Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak we atşynaslyk sungatyny ösdürmek, bu ugurda öňdebaryjy tejribeleri atçylyk pudagyna giňden ornaşdyrmak hem-de atşynaslaryň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek maksady bilen, şeýle hem assosiasiýanyň Müdiriýetiniň teswirnamasyna laýyklykda, gol çekdi.