"Türkmen atlary"
döwlet birleşigi

Täzelikler

06.09.2026

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaby niderland dilinde neşir edildi

Niderlandlar Patyşalygynda geçirilýän ahalteke atlarynyň gözellik we atçylyk sportunyň dünýä çempionatynyň çäginde, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynyň niderland dilindäki neşiriniň dabaraly tanyşdyrylyşy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi habar berýär. Bu çäre Wenraý şäherindäki «Asteriýa» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda geçirildi we oňa Türkmenistanyň hem-de Ýewropanyň ylmy jemgyýetçiliginiň, atçylyk edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar. Bütindünýä atçylyk sport çempionatynyň çäginde Gahryman Arkadagyň kitabynyň niderland dilinde çap edilip çykarylmagy, Ýewropa yklymynda türkmen bedewleriniň hormatyna geçirilýän giň gerimli çäreleriň ähmiýetini has-da artdyrdy. Bu iş diňe bir atlar baradaky bilimleri giňeltmek bilen çäklenmän, eýsem atçylyk medeniýetini hem baýlaşdyrýar, atyň ähli döwürlerde-de ynsanyň wepaly dostudygyny we ygtybarly hemrasydygyny ynandyryjylyk bilen subut edýär. Neşirde beýan edilen milli däp-dessurlar we baýramçylyk dabaralary daşary ýurtly okyjylarda Türkmenistanyň örän baý ruhy mirasyna bolan hakyky gyzyklanmany oýarýar.

31.07.2026

Tatar wekiliýeti Aşgabatdaky Halkara atçylyk sport toplumy bilen tanyşdy

Tatarystan Respublikasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Bütindünýä tatar kongresiniň Milli geňeşiniň başlygy Wasil Gabtelgaýazowiç Şaýhraziýew Aşgabatdaky Halkara atçylyk sport toplumyna baryp gördi.

30.07.2026

Belgiýadan gelen ahalteke bedewleri Niderlandlarda geçiriljek gözellik bäsleşigine gatnaşar

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Lýummen şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda Belgiýanyň Stoeterij Ter Bosschen tohumçylyk athanasynyň eýesi Simona Mihels bilen duşuşdy. Häzirki wagtda bu athanada 17 sany ahalteke aty ösdürilip ýetişdirilýär. Şeýlelikde, ol Benilýuks ýurtlarynda ahalteke tohumyny ösdürip ýetişdirýän iň iri merkezleriň biri hasaplanýar.

30.07.2026

Italiýaly alym Karlo Lippolis Türkmenistanda gazuw-agtaryş işlerini dowam etdirýär

Turin şäheriniň Arheologiýa ylmy-barlag merkeziniň direktory, Turin uniwersitetiniň professory hem-de Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Karlo Lippolis ylmy jemgyýetçilikde, şol sanda Gadymy Parfiýanyň taryhy we medeniýeti boýunça iň abraýly hünärmenleriň biri hökmünde giňden tanalýar.