Täzelikler
24.09.2026
Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda kanun kabul edildi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda» Kanuna gol çekdi. Bu barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär. Bu kanun türkmen halkynyň milli gymmatlygy hökmünde ykrar edilen ahalteke bedew atlarynyň goragynyň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitleýär. Kanunda bellenilişi ýaly, onuň esasy maksatlary müňýyllyklaryň dowamynda türkmen halkynyň taryhy-medeni durmuşynda hem-de häzirki döwürde döwlet derejesinde uly ähmiýete eýe bolan arassa ganly ahalteke bedew atlaryny we olaryň genofonduny gorap saklamak, baş sanyny artdyrmak, ahalteke atçylyk sungatyny we atlary bezemek däplerini gorap saklamak, ahalteke bedew atlary barada golýazmalary we beýleki ýazuw çeşmelerini toplamak, olary aýawly saklamak hem-de ylmy esasda öwrenmekden ybaratdyr. Kanun şeýle hem ahalteke bedew atlary bilen bagly ylmy gözlegleri we barlaglary ösdürmegi, ahalteke bedew atlaryna bagyşlanan ylmy we ylmy-köpçülikleýin eserleri, makalalary neşir etmegi, terjime etmegi, ahalteke bedew atlaryna bagyşlanan spektakllaryň, kino, aýdym-saz, çeper halk döredijilik eserleriniň, wideoşekilleriň, telefilmleriň, teleradiogepleşikleriň döredilmegini üpjün etmegi, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegi göz öňünde tutýar.
07.09.2026
«Pilbergen» atçylyk-sport toplumynda geçirilen dressaž we konkur bäsleşikleriniň ýeňijilerine kuboklar gowşuryldy
Kronenberg şäheriniň «Pilbergen» atçylyk-sport toplumynda geçirilen ahalteke atlarynyň gözellik we atly sport boýunça bäsleşikleriniň dowamynda «Atyň owadan hereketi üçin» dressaž bäsleşiginde ukrainaly atşynas Liliýanyň Badysaba diýet aty, konkur bäsleşiginde bolsa Türkmenistanyň Milli atly sport merkeziniň türgeni Yhlas Çopanow ýeňiji boldy. Ýeňijiler üç müň ýewro möçberindäki pul baýragy hem-de bäsleşigiň kubogy bilen sylaglanyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
07.09.2026
Ahalteke atlarynyň gözellik bäsleşiginiň absolýut çempionyna ýeňil awtoulagyň açary gowşuryldy
Niderlandlar Patyşalygyna saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri behişdi bedewleriň gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşdy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, onda dünýäniň dürli ýurtlaryndan atçylyk boýunça halkara düzümlerden bolan eminler topary atlaryň beden gurluşyna, reňk aýratynlygyna we meýdançada özüni alyp barşyna baha berdiler. Gözellik bäsleşiginde eminler tarapyndan gelnen çözgüde görä, Fransiýadan gelen Martineziň hojalygyna degişli «Ýyndam» atly gara reňkli aty absolýut çempion diýen ada we dünýä çempiony baýragyna mynasyp boldy. Ýeňijä Gahryman Arkadag Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan iň häzirki zaman ýeňil awtoulagynyň açaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Bedewiň eýesi awtoulagyň açaryny ýüzüne sylyp kabul etdi.
06.09.2026
Türkmen halkynyň Milli Lideri Kronenbergde geçirilýän ahalteke bedewleri bilen bagly çärelere gatnaşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Niderlandlar Patyşalygyna bolan sapary taryhy ähmiýeti bolan wakalara, ýatda galyjy pursatlara baý boldy. Bu ýerde türkmen halkynyň dünýä beren gymmatlygy we milletiň buýsanjy hökmünde ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki abraýynyň şanyna giň möçberli halkara çäreleri ýaýbaňlandyryldy. Aýdym-sazly çykyşlar, bedewleriň gözellik bäsleşigi we ýeňiji bolanlaryň sylaglaýyş dabarasy Ýewropanyň gözel künjeginde guralan giň möçberli çäreleriň many-mazmun taýdan baýlaşmagyny şertlendirdi hem-de guralan dabaralaryň derejesini has-da belende göterdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Niderlandlar Patyşalygyna sapar bilen ugran türkmen halkynyň Milli Lideri Dýusseldorf Halkara howa menziline bardy. Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedowy Germaniýanyň we Türkmenistanyň resmi adamlary mähirli garşyladylar. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerden ugrady