Täzelikler
28.09.2026
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýörite halkara baýragy dörediler
Ahalteke bedewleriniň dünýä atly sportundaky ornuny berkitmek, olaryň Olimpiýa meýdançalaryna üstünlikli gatnaşmaklaryny üpjün etmek hem-de bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär. Resminama laýyklykda, ahalteke atlaryny konkuryň we atly sportuň beýleki görnüşleriniň halkara talaplaryna laýyklykda taýýarlamak boýunça ýöriteleşdirilen okuw-türgenleşik maksatnamalaryny taýýarlamak, ahalteke atlarynyň arasynda geçiriljek atly sport boýunça iri bäsleşiklerde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýörite halkara baýraklaryny we kuboklaryny döretmek bellenildi.
28.09.2026
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabat atçylyk sport toplumynda guralan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Aşgabat atçylyk sport toplumynda guralan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Döwlet Baştutany ýol ugruna medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa etdi. Joşgunly çykyşlar dabara türkmen toýlaryna mahsus hakyky baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Soňra Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk at çapyşyklaryna badalga berildi.
28.09.2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisi geçirildi
Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisi geçirildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Döwlet Baştutany assosiasiýanyň agzalaryny mähirli mübärekläp, ýurduň baş baýramy — mukaddes Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllygynyň toýlanýan günlerinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisiniň geçirilýändigini hem-de onuň dowamynda birnäçe soraglara serediljekdigini, şeýle hem ahalteke atçylygyny ösdürmekde uly işleri alyp baran Assosiasiýanyň agzalaryna Türkmenistanyň hormatly atlarynyň dakyljakdygyny aýtdy.
28.09.2026
Gahryman Arkadag Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Köpetdagyň eteginiň gözel künjegindäki Türkmenistanyň Prezidentiniň 1200 orunlyk Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ir bilen türkmen halkynyň Milli Lideri durky düýpli döwrebaplaşdyrylan, täze gurlan Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy. Bu ýerde aýdym-sazly dabaralar hem-de häzirki zaman tehnologiýalary esasynda yşyklandyrylan şüweleň kompozisiýasy görkezildi. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy dabara gatnaşyjylaryň öňünde çykyş etdi. Gahryman Arkadagyň çykyşy uly gyzyklanma bilen diňlenildi. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň 1200 orunlyk Ahalteke atçylyk toplumynyň toý bagyny kesdi, şeýle hem dabara gatnaşyjylar bilen bilelikde toplumyň aýratynlyklary bilen tanyşdy. Şunluk-da, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň taryhy ähmiýetli wakalarynyň dabaralandyrylýan pursatlarynda asman atlarynyň behişdi mekanynda häzirki zaman binalar toplumy açyldy.