"Türkmen atlary"
döwlet birleşigi

Täzelikler

26.04.2026

Türkmenistanyň Prezidentine ajaýyp bedewler sowgat berildi

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Ahal welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Gözbaş, Balkan welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Sumbar, Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Şabat, Lebap welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Jeýhun, Mary welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Marguş, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň adyndan Nusaý, Arkadag şäheriniň ýaşaýjylarynyň adyndan Mertebeli atly ajaýyp bedewler sowgat berildi. Şol pursatlarda welaýatlara, Aşgabat, Arkadag şäherlerine wekilçilik edýän ýaş nesiller ýurduň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly waka mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdara hoşallyklaryny joşgunly goşgy setirleri arkaly beýan etdiler. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň adyndan Prezident Serdar Berdimuhamedowa Gaýratly atly bedew sowgat berildi. Bu barada TDH-de habar berildi.

26.04.2026

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglanyldy

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Aşgabat atçylyk sport toplumynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Onuň çäklerinde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de döredijilik işgärleriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

26.04.2026

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentini türkmen halkynyň adyndan Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy merdana ata-babalaryň jöwher zehininden kemal tapyp, halk seçgisi esasynda ýetişdirilýän şöhratly bedewleriň şanyna döwlet derejesinde uly dabara bilen bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlady. Bu barada TDH habar berýär. Gutlag hatynda: «Hormatly Prezidentimiz!

25.04.2026

2026-njy ýylyň iň owadan ahalteke bedewi yglan edildi

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Aşgabat atçylyk sport toplumynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Onuň çäklerinde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy we onuň ýeňijisi yglan edildi.