"Türkmen atlary"
döwlet birleşigi

Täzelikler

25.04.2026

2026-njy ýylyň iň owadan ahalteke bedewi yglan edildi

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Aşgabat atçylyk sport toplumynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Onuň çäklerinde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy we onuň ýeňijisi yglan edildi.

25.04.2026

Aşgabatda meşhur ahalteke bedewi Pyýada bagyşlanan ýadygärlik açyldy

Aşgabadyň atçylyk sport toplumynyň çäginde ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewi Pyýada bagyşlanan ýadygärligiň açylyş dabarasy boldy. Çäre Türkmen bedewiniň milli baýramyny bellemegiň çäklerinde geçirildi diýip, «Turkmenportalyň» habarçysy habar berýär. Pyýada ahalteke tohumynyň iň görnekti wekilleriniň biridir.

23.04.2026

Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda resminama gol çekdi

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

23.04.2026

Aşgabatda «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XVIII halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

Şu gün Oba hojalyk uniwersitetinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XVIII halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, işjeň häsiýete beslenen bu halkara ylmy maslahat baýramçylyk çäreleriniň üstüni ýetirdi.